Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

30.01.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.


30.01.2018 | Goranmak ministrine käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Goranmak ministri Berdiýew Ýaýlym Ýagmyrowiçe käýinç yglan edildi.


29.01.2018 | Berkararlyk we bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy—2017-nji ýyl

Ministrler Kabinetiniň 26-njy ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň netijelerine baha berip, ony, umuman, ýurdumyz üçin üstünlikli ýyl diýip häsiýetlendirdi.


29.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.


29.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Miloş Zemany Çehiýa Respublikasynyň Prezidentilige gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Miloş Zemana onuň Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


29.01.2018 | Akmaral Weliýewa «Türkmen dili» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akmaral Kakyşowna Weliýewa “Türkmen dili” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


28.01.2018 | Hoşgeldi Mergenow Türkmenistanyň senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirer

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek senagat minitsriniň orunbasary Hoşgeldi Muhammetberdiýewiç Mergenowyň üstüne ýüklenildi.


28.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti owgan kärdeşine Kabulda bolan terrorçsylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Kabul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


27.01.2018 | Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň topary döwlet sylaglary bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandy.


27.01.2018 | Harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby atlar dakyldy we hünär derejeleri berildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, raýatlaryň howpsuzlygyny hem-de asudalygyny üpjün etmekde, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby atlar dakyldy we hünär derejeleri berildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter