Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

10.11.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


10.11.2017 | Türkmen Lideri “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygyna we Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygyna berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygy Saburow Döwran Reýimbaýewiçe, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Jepbarow Rahimberdi Jepbarowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek olaraa soňky gezek duýduryldy.


10.11.2017 | Döwlet Baştutany zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasaryny wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annamuhammedow Ahmet Ataýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri we ýolbaşçy wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmişi edendigi üçin, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary-Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.


09.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.


09.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz bilim we sport baradaky halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Bilim halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan, nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň hem-de tejribäniň çeşmesidir. Bilim döwletimiziň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, Türkmenistany has-da okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, biz milli bilim ulgamyna düýpli maýa goýumlaryny gönükdirýäris – diýip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda aýdylýar.


07.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň dynç alyş düzüminiň ösdürilişi bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ugramazynyň öň ýany degişli ýolbaşçylara howa menzilini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmaga degişli birnäçe tabşyryklary berdi.


06.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


06.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Tehas ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.


04.11.2017 | Türkmenistanyň Mejlisi oýlap tapyşlaryň intellektuallygyň çäklerindäki hukuk goragy hakyndaky Karary kabul etdi

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky ýigrimi dördünji maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.


04.11.2017 | Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe Konwensiýa goşulmak hakynda kararlary kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisi “Halkara raýat awiasiýasy hakyndaky Konwensiýanyň 50 “a” we 56-njy maddalarynyň üýtgetmelerine degişli Teswirnamalaryna goşulmak hakynda”, “Halkara howa gatnawlarynyň käbir düzgünlerini bir nusga getirmeklige niýetlenilen Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Konwensiýa hem-de oňa degişli 1954-nji we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna goşulmak hakynda” Kararlary kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter