Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

12.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Alžiriň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelaziz Buteflika Bufarik howa menziliniň golaýynda harby-ulag uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.


11.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.


11.04.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

(2018-nji ýylyň 11-nji apreli) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar!


11.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany G.M.MÜŞŞIKOW hakynda


11.04.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, awtomobil ulaglary ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň orunbasary Jumageldi Geldimyradowiç Garaýewiň üstüne ýüklenildi.


10.04.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň mej­li­si

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň mej­li­sin­de eda­ra­nyň işi­niň il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­ri­ne, şeý­le hem gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ne se­re­dil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň şu ýy­lyň 6-njy ap­re­lin­de ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de eda­ra­nyň bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem-de ýol­baş­çy­lyk ed­ýän eda­ra­sy­nyň kuw­wa­ty­ny peý­da­lan­man­dy­gy üçin Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň işi­ni berk tan­kyt eden­di­gi se­bäp­li B.Gy­ly­jow Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy hem-de SSE-niň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy we­zi­pe­le­rin­den bo­şa­dyl­dy.


09.04.2018 | Türkmenistan — Russiýa: parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda türkmen-russiýa parlamentara gatnaşyklary berkitmek hakynda telefon söhbetdeşligi boldy.


07.04.2018 | GDA ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Şu gün Belarus Respublikasynyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.


07.04.2018 | Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk

Şu gün Mej­lis­de ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Li Ýon Ho­nyň baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men paý­tag­ty­na ge­len Ko­re­ýa Halk-De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di.


06.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter