Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

15.01.2018 | Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen:


15.01.2018 | TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Iş topary döredildi

“Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ulag geçelgeleriniň we energiýa geçirijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ugurdaky işleriň utgaşykly alnyp barylmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokarda agzalan ugur boýunça ulag geçelgeleriniň we energiýa geçirijileriniň taslamalaryny utgaşdyrmak boýunça Iş topary döredildi we toparyň düzümi hem-de Düzgünnamasy tassyklandy.


15.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura ulgamynda wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen:


15.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine nebit tankeriniň heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hassan Ruhana Gündogar Hytaý deňzinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren Eýranyň nebit tankeriniň heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.


13.01.2018 | Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary gurultaýynda guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeleri maslahatlaşyldy

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýy boldy. Onda döwletimiziň giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.


13.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen:


13.01.2018 | Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýyna gatnaşyjylara

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar! Hormatly partiýa agzalary! Sizi Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


12.01.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem garaldy.


12.01.2018 | 15–16-njy ýanwarda Yslamabatda türkmen-pakistan daşary syýasat edaralarynyň geňeşmeleri geçiriler

15–16-njy ýanwarda DIM-niň wekiliýeti iş sapary bilen Yslamabatda bolar. Şol ýerde türkmen-pakistan daşary syýasat geňeşmeleri geçiriler. Duşuşygyň gün tertibine döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri we ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň işi giriziler. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny we beýleki bilelikdäki möhüm taslamalary, hususan-da, elektroenergetika we aragatnaşyk pudaklarynda, ulag-kommunikasiýa toplumynda taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berler. Iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.


12.01.2018 | Türkmen wekiliýeti Musulman Zenan Parlamentarileriniň 7-nji maslahatyna gatnaşar

12-nji ýanwarda geçirilen Hökümetiň mejlisinde Mejlisiň ýolbaşçysy Akja Nurberdiýewa ýurdumyzyň wekiliýetiniň Eýranda geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Bileleşiginiň Musulman Zenan Parlamentarileriniň 7-nji maslahatyna we bu halkara guramanyň Parlament Bileleşiginiň 13-nji maslahatyna gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter