Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

15.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gülbadam Babamuratowany “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni bilen sylaglady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin hem-de halkara ýaryşlarynda Watanymyzyň sport abraýyny goramakda uly üstünlikleri gazanandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Gülbadam Bekmuratowna Babamuratowany Türkmenistanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni bilen sylaglandy.


14.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti UNKTAD-yň Baş sekretaryny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary jenap Muhisa Kituýini kabul etdi.


14.11.2017 | Türkmenistanda Mali Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Mali Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi jenap Tiýefing Konateden ynanç hatyny kabul etdi.


13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hem-de hukuk goraýjy düzümleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere, öňde boljak şanly seneleri baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça çärelere, käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.


13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Prezidenti Fuad Masuma ýurtda bolup geçen, adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.


13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hassan Ruhana ýurduň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.


13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Borut Pahora Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli oňa mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


13.11.2017 | Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň birnäçe etrap häkimlerini wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin


13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesine belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Nobatow Meýlis Orazmyradowiçi başga işe geçmegi sebäpli ony bu gullugyň başlygy wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän maýor Gurdow Mergen Meretdurdyýewiçi bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.


10.11.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter