Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

10.10.2019 | GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi

Şu gün türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy. Ol 11-nji oktýabrda meýilleşdirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyryna öwrüldi.


10.10.2019 | Sergeý Lawrow: biz daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýäris

Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşysy Sergeý Lawrow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edende: « Biz daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýäris» - diýdi.


09.10.2019 | Sergeý Lebedew türkmen Liderine GDA-nyň Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi

Öz adymdan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Geňeşiniň ХХIХ mejlisine gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan Size şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabat şäherinde çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigi we däbe öwrülen myhmansöýerlik görkezilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.


09.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostyny kabul etdi, ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.


09.10.2019 | «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara

Sizi gojaman Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň we maslahatyň üstünlikli geçmegini arzuw edýärin!


08.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Najibulla Alihili kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


07.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


06.10.2019 | Resmi habar

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we döwletimiziň olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly — 10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Karara laýyklykda bu çempionaty geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.


06.10.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň heläkçilikli Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.


05.10.2019 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýedinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we döwletimiziň kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, birnäçe kanunlar we kanunçylyk-hukuk namalary kabul edildi. Maslahatyň işine birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter