Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

12.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň ýolbaşçylaryna uçar heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe AN-148 ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.


11.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Harby-Howa Güýçleriniň tehniki enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow howa hüjüminden goranyşyň wagtlaýyn okuw meýdançasyna gelip, onuň tehniki enjamlaşdyrylyşy hem-de Howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.


09.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Kabine­ti­niň mej­li­si

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na de­giş­li wa­jyp me­se­le­le­re ga­ral­dy hem-de bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di.


09.02.2018 | Bagy-bossanlyga büremegiň ýazky we güýzki möwsümleriniň barşynda 3 million düýp nahal oturdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2018-nji ýylda:


09.02.2018 | 2018-nji ýylda 2030 tonna çig pile öndüriler

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2018-nji ýylda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 2030 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.


09.02.2018 | UNESKO-nyň işleri barada Milli toparyň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESKO) bilen bilelikde alyp barýan işlerini has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň düzümi tassyklanyldy.


09.02.2018 | Aspirantura we doktorantura kabul ediljekleriň sany tassyklandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, 2018-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň we doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň sany, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.


09.02.2018 | Aşyrow Batyr Energetika ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aşyrow Batyr Ýazmyradowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


09.02.2018 | Hökümetara türkmen-belarus topary tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


08.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň ilçisi TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlanyny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azar Abul Hasan Hany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter