Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

31.10.2017 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meseleleri girizildi.


31.10.2017 | Daşary ýurt liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Garaşsyzlygyň 26 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.


30.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda obasenagat toplumynda möwsümleýin işleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sebitlerde hem-de paýtagtymyzda türkmenistanlylaryň abadan durmuşy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin hemme şertleri döretmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi hem-de Aşgabat şäherini ösdürmegiň taslamalary bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.


30.10.2017 | Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A. Nurberdiýewa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ignasio Ibanes Rubiodan ynanç hatyny kabul etdi.


27.10.2017 | Döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


27.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Per­ma­nlara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly bilen sylaglamak hakynda


27.10.2017 | Halkymyzyň asuda we bagtly durmuşynyň üpjün edilmegi üçin sylaglar

Paýtagtymyzyň baş meýdançasynda geçirilen Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylagyny — Türkmenistanyň “Mälikguly Berdimuhamedow” medalyny gowşurdy.


27.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistan özüniň esasy milli baýramy bolan Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ýadygärlik toplumynyň çäginde bina edilen, häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik orun alan, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyna eýe bolan senesini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.


26.10.2017 | Russiýanyň nebitgaz senagatçylar birleşigi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň nebitgaz senagatçylar birleşiginiň geňeşiniň başlygy Ýuriý Şafranigi kabul etdi.


26.10.2017 | “Çalyk Holdingiň” başlygy hormatly Prezidentimize bilelikdäki taslamalaryň öňe ilerledilişi barada habar berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter