Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

08.08.2017 | Türkmen we azerbaýjan liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň ýüzbe-ýüz duşuşygy tamamlanandan soň gepleşikler gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.


08.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň Premýer-ministri hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar

Bakuda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Artur Rasizadeni kabul etdi.


08.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti: Hazardaky bilelikdäki taslamalar örän uly parahatçylyk döredijilik we ykdysady kuwwata eýedir

Azerbaýjan Hazar deňzi boýunça biziň goňşymyz diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda Prezident Ilham Aliýew bilen şu gün bolan gepleşiklerde aýtdy.


08.08.2017 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew KHBS-niň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.


08.08.2017 | Bakuda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler başlandy

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasynda Prezident Ilham Aliýewiň hem-de iki günüň resmi sapar bilen Bakuda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri başlandy.


07.08.2017 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça pikir alşarlar

8-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýewiň çagyrmagy boýunça amala aşyrýan resmi sapary başlanýar.


07.08.2017 | Kazyýet edaralarynyň iň gowy işgärleri üçin döşe dakylýan nyşan hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen „Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri“ diýen döşe dakylýan nyşan hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.


07.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


04.08.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine garaldy hem-de halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen içerki syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


02.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz we Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen geljegi uly hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter