Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

26.10.2017 | Türkmenistanyň Mejlisi we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Mejlisde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Drozd bilen duşuşyk boldy.


25.10.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şanly baýramçylygyň öňüsyrasyndaky giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Oňa Mejlisiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýurdumyzyň diplomatlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.


25.10.2017 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere, hem-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy- enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça bu edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere garaldy.


25.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlaryň zähmet ýeňişleri hakyndaky hasabatlaryny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň “ak altyn” taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi. Balkan welaýatynyň häkimi bolsa sebitiň gök ekerançylarynyň gazanan zähmet ýeňşi barada habar berdi.


25.10.2017 | Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker

Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde taslamany makullap, degişli Buýruga gol çekdi.


23.10.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan kottežler toplumynyň açylyşyş dabarasyna gatnaşýar

Paýtagtymyz Aşgabatda ýüzlerçe maşgala täze görnüşli jaýlara göçüp geldiler. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.


23.10.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: biziň başlangyçlarymyz Beýik Ýüpek ýoluny häzirkizaman görnüşinde gaýtadan dikeltmäge gönükdirilendir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen demirýolçularyny lokomotiw deposynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Onda şeýle diýilýär: Döwlet we halkara ähmiýetli demir ýollaryň, inženerçilik we dolandyryş desgalarynyň gurluşyklarynda siziň gazanan üstünlikleriňiz, çekýän halal we tutanýerli zähmetiňiz eziz Diýarymyzyň ynamly ösüşine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, halk hojalygynyň beýleki ulgamlarynyň pugtalanmagyna uly goşant goşýar.


22.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti owgan kärdeşine şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanjyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Kabul şäherinde we Gur welaýatynda ýerleşýän metjitlerinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


22.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ekerançylaryny gazanan goşa zähmet ýeňişleri bilen gutlady

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýürdumyzyň babadaýhanlary möhüm oba hojalyk möwsümi bolan güýzlük däne ekişini tamamladylar we Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.


21.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze binagärlik taslamalary bilen tanyşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleribilen tanyşdy hem-de atly gezelenç etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter