Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

30.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerini bu gullugyň döredilmeginiň 26 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri! Sizi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


29.09.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabineti içerksi syýasatyň möhüm meselelerine garady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


29.09.2017 | Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin Türkmenistana resmi sapar bilen geler

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putiniň Türkmenistana resmi sapary başlanýar. Bu sapar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça amala aşyrylar.


28.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisini hem-de ýörite wekilini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) baştutany Natalýa Germany kabul etdi. Olar V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.


27.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz we Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy jenap Robin Mitçelli kabul etdi.


27.09.2017 | Ahmad Al-Fahad Al-Sabah: Aziýanyň Olimpiýa geňeşi Türkmenistany ynamdar we örän jogapkär hyzmatdaş hökmünde görýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda bolýan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi.


27.09.2017 | Tegla Lorupe: bosgunlar topary türkmen Liderini öz Prezidentleri hasap edýärler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşan bosgunlar toparynyň ýolbaşçysy Tegla Lorupe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmagyndaky başlangyçlary we tagallary üçin hoşallyklaryny we sagbolsunyny tüýs ýürekden beýan edip hat iberdi.


26.09.2017 | Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem içeri syýasatyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


25.09.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady meselelerine garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


25.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek barada Karara gol çekdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Babajan Ataýewiç Allanazarow Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter