Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

02.10.2017 | Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlendi

Paýtagtymyzdaky ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleriniň esasy meselesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda boldy.


02.10.2017 | Türkmen we russiýaly Liderler Hazar deňziniň köptaraplaýan hyzmatdaşlygy meselesine seretdiler

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzyň Hazar deňzindäki goňşusy bolup durýandygyny belläp, Hazary parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwürmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi.


02.10.2017 | Türkmenistan Merkezi Aziýada Russiýa bilen ýygjam syýasy-diplomatik gatnaşyklary dowam etmäge taýýar

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ösdürmek babatda hyzmatdaşlygy ýokary derejedäki türkmen-russiýa gepleşikleriniň aýratyn meselesi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, taraplar bu ýerde pugta parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli hem-de maksada okgunly işleýär. Bu bolsa iki tarapyň strategiki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de özara gatnaşyklarymyz bu maksada ýetmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.


02.10.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Russiýa bilen bilelikde strategik durnuklylyk ugrunda çykyş edýär

“Oguzhan” Prezident Köşkler toplumynda ýokary derejedäki türkmen-russiýa gepleşikleri dowam edýär. Olar ikiçäk görnüşde başlandy, soňra giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.


02.10.2017 | Aşgabatda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler başlandy

Şu günüň ikinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin paýtagtymyza resmi sapar bilen geldi.


01.10.2017 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Aşgabatda gepleşikleri geçirerler

2-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna gelýän Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçiriler. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk, netijelilik we uzakmöhletleýinlik esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.


01.10.2017 | Fransiýanyň Prezidenti türkmen Liderini V Aziýadanyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

Size, hem-de Türkmenistanyň halkyna 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.


01.10.2017 | Polşanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

Siziň Alyhezretiňiz, Polşa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli polýak halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýaryn.


30.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerini bu gullugyň döredilmeginiň 26 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri! Sizi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


29.09.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabineti içerksi syýasatyň möhüm meselelerine garady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter