Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

08.07.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşigine wirusa garşy derman serişdeleriniň zerur bolan möçberini satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň derman serişdelerini öndüriji kärhanalary bilen şertnamalary bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.


07.07.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň edarasynyň ýolbaşçysy jenap Lamberto Zanýer bilen duşuşyk geçirildi.


07.07.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Röwşen Orazmyradowiç Işanow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


07.07.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany T.A.Ataýew hakynda

Toýly Alladurdyýewiç Ataýewi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


06.07.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykdy hem-de Watanymyzyň şypahana merkezleriniň birinde dynç alýar, hemişe bolşy ýaly, milli Liderimiz işden boş wagtyny işjeň we peýdaly geçirýär.


06.07.2020 | Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.


06.07.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň innowasiýa ýoly bilen ösdürilip, ýokary tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurduň eksport kuwwatynyň barha ýokarlanýan döwründe ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlarymyzyň daşary ýurt bazarlarynda ýerlenilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam bermek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.


03.07.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.M.Mämmedowa hakynda

Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.


03.07.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

<b>Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda</b>


03.07.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary

Muhammetgeldi Nurgeldiýewiç Serdarowy Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter