Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

24.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Kabul şäherinde bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Kabul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


24.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi 60 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.


21.07.2017 | Türkmen Lideri Ram Nath Kowindi Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ram Nath Kowindi onuň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady.


21.07.2017 | Rumyniýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gytlady

Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannis hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


10.07.2017 | Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Kemal Muftiçden ynanç hatyny kabul etdi.


10.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Haltmaagiýn Battulga, onuň Mongoliýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


07.07.2017 | Türkmenistan ýarym ýylda 105 halkara resminamalara gol çekdi

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda dürli derejedäki wekiliýetleriň 248-si döwletimize sapar bilen geldi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berdi.


07.07.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň netijelerine garaldy, hormatly Prezidentimiziň we beýleki milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi.


07.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz: ýurdumyzyň bähbidine gönükdirilen ösen demokratik döwletleriň derejesine çykmakda möhüm ädimler ädildi

7-nji iýulda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejilisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen alty aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada durup geçdi.


07.07.2017 | 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylar

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edara-kärhanalaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň zähmet haklaryny, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýokarlandyrylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter