Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

03.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe pudaklary ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de senagat we kommunikasiýa ministri T.Dürhanowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


02.10.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.


02.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Amerikan halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!


01.10.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem döwletiň içeri syýasatynyň wajyp wezipeleri bilen baglanyşykly hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.


01.10.2019 | Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň içeri işler ministri hakynda

Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibine razylyk bermeli.


01.10.2019 | Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň içeri işler ministri hakynda

Isgender Handurdyýewiç Mulikowy Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibine razylyk bermeli.


01.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Mulikow I.H. hakynda

Polisiýanyň general-leýtenanty Mulikow Isgender Handurdyýewiçi, işinde we garamagyndaky düzümlere ýolbaşçylyk etmekde goýberen düýpli kemçilikleri, gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanandygy hem-de wezipe borçlaryny gödek bozandygy üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatmaly we ýörite adyny polisiýanyň maýory ýörite adyna çenli peseltmeli, şeýle hem ähli döwlet sylaglaryndan mahrum etmeli.


01.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.Çakyýew hakynda

Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


01.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.Çakyýew hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin:


01.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Annanepesow M.N. hakynda

Annanepesow Mergennepes Nurnepesowiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri, garamagyndaky kärhanalarda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadyp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesinden boşatmaly.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter