Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

06.07.2017 | Türkmenistanda Burkina-Fasonyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Burkina-Fasonyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Antuan Somdadan ynanç hatyny kabul etdi.


06.07.2017 | Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda resmi taýdan gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli halklarymyzyň arasyndaky öňden gelýän dostlukly gatnaşyklar, geçen çärýek asyryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilýändigi üçin çäksiz hoşallygymy bildirýärin.


05.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerinde 2017-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde seredilen meseleleriň hatarynda Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ýaly wezipeler bar. Şeýle hem ýakyn geljek üçin wezipeler we olary ýerine ýetirmäge gönükdirilen anyk çäreler kesgitlendi.


05.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.


04.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele Bawariýada bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren awtobus heläkçiligi zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.


03.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.


03.07.2017 | Owganystan ulag we energetika ulgamynda Türkmenistanyň durmuşa geçirjek başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýär

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi. Geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, owgan Lideri onuň çuň many-mazmuna we netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk has netijeli we yzygiderli alnyp barylýar hem-de ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Bilelikdäki birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.


03.07.2017 | Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimize Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatyny ýollady

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Oraza baýramy mynasybetli gutlady.


02.07.2017 | 3-nji iýulda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri bolar

Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli hökümet topary paýtagtymyza geldi.


02.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Zainsk şäheriniň golaýynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýolagçy awtobusynyň heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter