Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

25.08.2017 | Türkmenistanyň Serbiýadaky ilçisi bellendi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Serbiýadaky ilçisini bellemek hakynda Permana gol çekdi.


24.08.2017 | Türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň hukuk binýady giňeldildi

Şu gün dostlukly ýurduň paýtagtynda netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlaryny kesgitlän ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere resmi sapar bilen geldi.


23.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasyna resmi sapary başlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Ermenistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.


23.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Mongoliýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Mongoliýanyň Prezidenti Haltmaagiýn Battulganyň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.


21.08.2017 | Türkmenistanyň paýtagtynyň täze ajaýyp ýerleri Ginnesiň rekordlar kitabynda

Ginnesiň rekordlar kitaby üçin maglumatlary ýygnamak bilen meşgullanýan Guinness World Records kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça örän iri hökmünde bellige aldylar. Munuň şeýledigini tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.


21.08.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselesine seredildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


21.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryna adam pidalaryna getiren suw joşguny zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindä we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren giň gerimli suw joşguny zerarly gynanç hatlaryny iberdi.


18.08.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


18.08.2017 | Hazarýaka ýurtlarynyň portlarynyň ýolbaşçylary Awazada duşuşarlar

Şu ýylyň 13-14-nji oktýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriň portlarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki bäştaraplaýyn mejlisi geçiriler.


18.08.2017 | Hökümetara toparynyň mejlisiniň barşynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda türkmen paýtagtynda Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Pakistan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter