Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

09.01.2018 | Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek baradaky çözgütleri kabul eitdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlary bilen:


09.01.2018 | Döwlet Baştutanymyzyň adyna daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowint, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinda Grabar-Kitarowiç, Surinam Respublikasynyň Prezidenti Dezire Delano Bauterse maşgalasy bilen, Botswana Respublikasynyň Prezidenti Seretse Khamaýan Khama öz gutlaglarynda Täze ýylda parahatçylyk, şatlyk, bagt hem-de asylly maksatlaryň hasyl bolmagyny arzuw edýärler.


08.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýylda ilkinji göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini mundan beýläk-de amala aşyrmagyň wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň häkimlikleriniň guramaçylyk meselelerine garaldy.


08.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen:


06.01.2018 | Hormatly Prezidentimiziň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlary gelip gowuşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlarynda iň oňat arzuwlaryny ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp we maşgala agzalary, Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany Doktor Abdulla Abdulla, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Muhammed Bin Raşed Al Maktum, Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýan, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg beýan etdiler


06.01.2018 | Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň käbir häkimlikleriniň atlaryny we gurluşyny üýtgetmek hakynda Karara gol çekdi

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:


06.01.2018 | Ataýew Gurbanmuhammet Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbanmuhammet Agalyýewiç Ataýew Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


05.01.2018 | Türkmenistanyň Mejlisi “Ulag howpsuzlygy hakynda”, we “Telewidenie we radiogepleşikler hakynda” kanunlary kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi altynjy maslahaty geçirildi, onda täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


05.01.2018 | Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, şäherde iri etraplary döretmek maksady bilen, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :


05.01.2018 | Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, welaýatyň ilatynyň käbir etraplary birikdirmek, olaryň taryhy atlaryny dikeltmek baradaky tekliplerini kanagatlandyrmak maksady bilen, welaýat häkimliginiň towakganamasyny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter