Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

18.05.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine, halkara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryna, möhüm çärelere we iri pudaklaýyn maslahatlara görülýän taýýarlyk işleriniň barşyna seredildi.


18.05.2017 | 19-20-nji maýda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana iş sapary bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen gepleşikler geçirer.


18.05.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady

Sizi berkarar döwletimiziň taryhyndaky uly we örän möhüm sene - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllyk şanly baýramy hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


17.05.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynyň “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


16.05.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Dünýä türkmenleriniň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjek bu maslahatyň ýokary derejede, guramaçylykly ýagdaýda, örän netijeli geçiriljekdigine, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň bolsa, siziň ata Watanymyza bolan beýik söýgiňizi has- da artdyijakdygyna berk ynanýaryn!


16.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýamyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Turkmenistan Garaşsyzlygyna eye bolan ilkinji günlerinden özygtyýarly, erkin ösüş ýoluny saýlap almak bilen, gysga döwürde tutuş dünýäde parahatçylyk söýüji, ygtybarly hyzmatdaş, gülläp ösýän döwlet hökmünde özüni tanatdy.


15.05.2017 | Türkmenistanyň medeniýet ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wezipä bellemek hakynda birnäçe resminama gol çekdi.


15.05.2017 | Aşgabatda geçirilýän duşuşykda Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine garalýar

Aşgabatda geçirilýän Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak bolup durýar. Bu resminama 2014-nji ýylda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.


14.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýe Respublikasynyň Mugla welaýatynda bolup geçen awtobus helakçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.


12.05.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda pudaklaryň geçen dört aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlendi, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter