Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

30.03.2017 | Türkmenistanyň we Belarusyň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler

Aşgabatdaky gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.


30.03.2017 | Ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Aşgabatda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.


30.03.2017 | Türkmenistan we Belarus ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär

Aşgabatda türkmen-belarus gepleşiklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.


30.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-belarus ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny belledi

Aşgabatda resmi wekiliýetleriň agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleriniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we geljegine baha berdi.


30.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti: Belarus bilen haryt dolanyşygynyň artdyrylmagynda işewür jemgyýetçiligine esasy orun berilýär

Aşgabatda geçirilýän giňişleýin düzümdäki türkmen-belarus gepleşiklerinde hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň oňyn depginlerini belledi. Ol 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4,4 göterim ýokarlandy. Döwlet Baştutanymyz Belarusyň ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.


30.03.2017 | Türkmenistan we Belarus halkara meselelerinde ileri tutýan ugurlaryny deňeşdirdiler

Aşgabatda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilýän türkmen-belarus gepleşiklerinde halkara guramalarynyň çäklerinde özara hereket etmegiň tejribesini dowam etmegiň maksat edinilýändigi tassyklanyldy.


30.03.2017 | Aşgabat we Minsk iki paýtagtyň parahatçylyk döredijilik işlerinde özara daşary syýasy goldawlaryny tassyklaýar

Aşgabatda, “Oguzhan” Köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçýär.


30.03.2017 | Ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri döwlet Baştutanlarynyň ikiçäk duşuşygyndan başlandy

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçýär.


29.03.2017 | Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko resmi sapar bilen Aşgabada geldi

Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar paýtagtymyza geldi.


28.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Marko Mançinini kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter