Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

08.08.2017 | Bakuda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler başlandy

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasynda Prezident Ilham Aliýewiň hem-de iki günüň resmi sapar bilen Bakuda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri başlandy.


07.08.2017 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça pikir alşarlar

8-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýewiň çagyrmagy boýunça amala aşyrýan resmi sapary başlanýar.


07.08.2017 | Kazyýet edaralarynyň iň gowy işgärleri üçin döşe dakylýan nyşan hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen „Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri“ diýen döşe dakylýan nyşan hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.


07.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


04.08.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine garaldy hem-de halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen içerki syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


02.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz we Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen geljegi uly hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.


02.08.2017 | Mun Çže In Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli iberen gutlagy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyz bilen dostlykly hyzmatdaşlygyň ösjekdigine ynanýandygyny belledi


02.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Hyrat şäherinde bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Hyrat şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


01.08.2017 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň söweşjeň taýýarlygyny barlamak boýunça tälim-okuw türgenleşigi geçirildi


31.07.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň oba hojalyk işleriniň barşy barada pikir alşyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter