Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

01.03.2017 | Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XIII Sammiti açyldy

Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli XIII Sammiti açyldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar.


28.02.2017 | Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti hökümet düzüminde wezipelere belledi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlara gol çekip, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipelere belledi:


28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşar

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugraýar. Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde şol gün Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) nobatdaky XIII sammiti geçiriler.


27.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň ýolbaşçylary bilen möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny ara alyp maslahatlaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna degişli wezipelere, şeýle hem guramaçylyk meseleleri bilen baglanyşykly resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


27.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ministrleri we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlar toplumyna gol çekip, dürli pudaklardaky düzüm ýolbaşçylaryny tassyklady.


27.02.2017 | Halkara düzümlerinde Türkmenistanyň wekilleri bellenildi

Ýurdumyzyň täze ýolbaşçy düzüminiň emele getirilmegi bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara düzümlerinde wekilhanalary babatynda birnäçe Karara gol çekdi.


27.02.2017 | Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady, senagat-tehnolgiýa gatnaşyklaryny giňeldýär

Türkmenistanyň we Eýranyň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda iki ýurduň ylmy we senagat kuwwatlyklarynyň ulanylmagynyň möhümdigi barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň ertir, 28-nji fewralda Aşgabatda açylýan XIII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara iberen gutlagynda aýdylýar.


26.02.2017 | Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wezipä bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky guramaçylyk meselelerine garap, Permanlara gol çekdi, olara laýyklykda:


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter