Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

15.02.2017 | Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemlerini yglan etdi

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisininiň barşynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi. Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy saýlaw uçastoklarynyň 2587-siniň döredilendigini, şolaryň 2548-siniň ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda, 39-synyň bolsa Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we edaralarynyň ýanynda döredilendigini habar berdi.


15.02.2017 | Döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda 828 raýatyň günäsi geçildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günä geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlaryň 828-si mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek jeza çäresini, şeýle hem goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.


15.02.2017 | Pakistanyň hökümet ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasmynyň Premýer ministri Muhammad Nawaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


15.02.2017 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


15.02.2017 | Döwlet baştutanlary we meşhur syýasy işgärler Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlaglaryny iberdiler

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär.


14.02.2017 | Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.


14.02.2017 | Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon gepleşigi geçirildi.


14.02.2017 | Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi babatda pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


14.02.2017 | Ukrainanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny resmi sapar bilen Ukraina gelmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.


14.02.2017 | Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter