Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

13.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz hadysalaryň dowam edýän şertlerinde, biz ýurdumyzyň ýubileý ýylyny, ýolbaşçylaryň hasabatyndan görnüşi ýaly, oňat netijeler bilen tamamladyk. Şeýle çylşyrymly ykdysady we maliýe şertlerinde bitaraplyk syýasatymyzyň ýurdumyzyň ösüşine oňyn we durnukly täsir edýändigini bütin dünýä subut etdik.


11.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Maligi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we pakistanly diplomat hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.


11.01.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň hemişelik wekili, Ilat gaznasynyň wekili hanym Ýelena Panowany kabul etdi. Ol ynanç hatyny gowşurdy.


09.01.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde 2016-njy ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde 2016-njy ýylyň jemleri jemlendi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklary we görkezmeleri babatda şu döwürde ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlendi.


09.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti söweşjeň baýdaklary gowşurdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen döredilen täze harby bölümlere söweşjeň baýdaklary gowşurdy.


06.01.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


06.01.2017 | Türkmenistanyň DIM-i halkara KHBS-lerinde, sport we diplomatik toparlarda Aziada-2017-niň PR kompaniýasyny ýaýradýar

Şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maglumat üpjünçüligini ilerletmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýleki döwlet düzümleri bilen bilelikde çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlady, ol dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň häzirki ýeten sepgitleri, üstünlikleri we gazananlary, şeýle hem Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrylmagyna gönükdirilendir.


02.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Stambul şäheriniň gijeki klubynda bolup geçen we köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


31.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym!


26.12.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter