Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

26.05.2019 | Çeper elli halyçylarymyza, ýurdumyzyň ähli halkyna, şeýle hem «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara sergä we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň 19-njy mejlisine gatnaşyjylara

Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu ajaýyp baýram mynasybetli geçirilýän «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara serginiň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň 19-njy mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


26.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Müňýyllyklardan gözbaş alýan ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir.


25.05.2019 | Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Sizi belent maksatlara ruhlandyrýan ajaýyp bilimler baýramy — «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


25.05.2019 | «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


24.05.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


24.05.2019 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


23.05.2019 | Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, şäheriň esasy şaýollarynyň ugrunda arassaçylyk işleriniň üpjün edilişine üns berdi.


23.05.2019 | Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi

Şu gün Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 13-nji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-prezidenti Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygynda Ýaponiýanyň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewürler düzümleriniň wekilleriniň uly topary türkmen paýtagtyna geldi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan esasy ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.


23.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Joko Widodä Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.


23.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurtda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda onuň ýolbaşçylyk edýän «Bharatiýa janata parti» (BJP) partiýasynyň ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli mähirli gutlagyny ýollady.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter