Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

12.12.2016 | Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň baştutany işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Kristian Bergerden ynanç hatyny kabul etdi.


12.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli senenamanyň esasy seneleriniň biri bolan Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 21 ýyllygyny giňden belleýär. Şöhratly sene mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandy. Türkmen paýtagty dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.


12.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä ýurduň Kair şäherinde Kopt ybadathanasynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


12.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli baýramçylygy—Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi.


12.12.2016 | Türkmenistanda Irlandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Irlandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Edrian Makdeýdden ynanç hatyny kabul etdi.


10.12.2016 | Türkmenistanyň Bitaraplygy: ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy we halkara tejribesi: durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.


09.12.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 11 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň berjaý edilişi seljerildi, döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy we ýakyn geljek üçin öňde durýan wezipeler kesgitlendi.


07.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti “General Electric” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “General Electric” kompaniýasynyň wise-prezidenti, kompaniýanyň Russiýadaky hem-de GDA ýurtlaryndaky prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Ronald J.Polletti kabul etdi.


07.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife Pakistanyň Halkara Howaýollarynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň netijesinde ýurduň köpsanly raýatlarynyň gurban bolmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.


06.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasini kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter