Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

27.02.2017 | Halkara düzümlerinde Türkmenistanyň wekilleri bellenildi

Ýurdumyzyň täze ýolbaşçy düzüminiň emele getirilmegi bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara düzümlerinde wekilhanalary babatynda birnäçe Karara gol çekdi.


27.02.2017 | Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady, senagat-tehnolgiýa gatnaşyklaryny giňeldýär

Türkmenistanyň we Eýranyň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda iki ýurduň ylmy we senagat kuwwatlyklarynyň ulanylmagynyň möhümdigi barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň ertir, 28-nji fewralda Aşgabatda açylýan XIII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara iberen gutlagynda aýdylýar.


26.02.2017 | Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wezipä bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky guramaçylyk meselelerine garap, Permanlara gol çekdi, olara laýyklykda:


25.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň täze düzüminiň döredilmegi bilen baglylykda guramaçylyk meselelerine garady we wezipelere belledi. Döwlet Baştutanynyň Permanlary bilen:


25.02.2017 | Durmuş ulgamynyň pudaklarynyň maglumatlaşdyrylmagy-milli ösüşiň ileri tutulýan ugry

Şu gün Ministrler Kabinetiniň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary düzümleriniň öňünde durýan wezipeler boýunça iş maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda bu düzümlerdäki guramaçylyk meseleleriniň netijeleri we ondan gelip çykýan wezipeler kesgitlendi hem-de olary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


24.02.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň maslahatyny geçirdi, onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tassyklamak bilen bagly meselelere hem-de taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.


24.02.2017 | Moskwada Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň onunjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi

Ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň barşynda 20-21-nji fewralda Moskwada geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň nobatdaky onunjy mejlisine gatnaşdy.


19.02.2017 | Görnükli daşary ýurtly syýasatçylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident saýlawlaryndaky ýeňşi bilen gutlaýarlar

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji fewralda geçirilen saýlawlarynda Prezident wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz bilen gutlaýaryn, bu saýlawlara Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça edarasynyň bilermenleri gözegçiligi amala aşyrdylar.


19.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli gutlag bilen ýüzlendi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!


18.02.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň daşary syýasaty içerki ösüşler we dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmek üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir

18-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara çykyş edip ýüzlenmek bilen ýakyn geljekdäki ýedi ýyl üçin Türkmenistanyň daşary saýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter