Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

28.05.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň arasynda guralan wideoduşuşykda özara bähbitli türkmen-koreý gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


27.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şäheriň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylyşy, şeýle hem Aşgabadyň günorta künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.


27.05.2020 | Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


26.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


26.05.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün Daşary işler ministrliginde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes we bu düzümiň baş direktory Mihael Harms bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.


25.05.2020 | Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamyna öwrüldi.


25.05.2020 | Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Sizi uly joşguna we şatlykly pursatlara beslenýän «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biz bagtyýar ýaşlarymyzdan beýik işlere garaşýarys. Şoňa görä-de, döwrebap mekdepleri we bilim-terbiýe beren mugallymlary bilen hoşlaşyp, tolgundyryjy hem-de ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirýän mähriban uçurymlara täze durmuş ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýärin!


25.05.2020 | «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisine gatnaşyjylara

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


24.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.


24.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Siziň Alyhezretiňizi Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter