Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

14.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ilýas Umahanowy hem-de Federasiýa Geňeşiniň Reglament we parlament işini guramak baradaky komitetiniň başlygy Wadim Týulpanowy kabul etdi.


14.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Ol Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek boýunça GDA-nyň Synçylar toparynyň baştutany hökmünde Aşgabada geldi.


13.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ýeňişi bilen döwlet baştutanlary gutladylar

Ses bermeleriň jemleri Siziň ýokary syýasy abraýyňyzyň, Siziň döwlet Baştutany wezipesinde bitiren işleriňiziň giňden ykrar edilmeginiň, şeýle hem Siziň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini mundan beýläk-de berkitmäge hem-de raýatlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyňyzyň giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr, diýip Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin belleýär.


13.02.2017 | Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Hwan Gýo An Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Geçen ýyllarda iki ýurt syýasat, ykdysadyýet, jemgyýet, medeniýet we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürdiler. Siziň 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasyna bolan saparyňyzdan soňra ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň düýpli işjeňleşmegi möhüm ýagdaý bolup durýar.


13.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýeri Germaniýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.


11.02.2017 | Özbegistanyň Prezidenti BMG-niň Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmegi mynasybetli Türkmenistany gutlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap G.M. Berdimuhamedowa


09.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziaýa-2017-niň baş meýdançasynyň abadanlaşdyrylyşynyň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Аziýa oýunlarynyň geçiriljek desgalarynda hem-de täsin toplumyň beýleki desgalarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Olimpiýa şäherjiginde esasy desgalaryň gurluşygy tamamlandy.


07.02.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýany kabul etmegi mynasybetli ýurduyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi.


07.02.2017 | Milli ykdysadyýetiň ýanwar aýynda ýeten sepgitleriniň netijeleri jemlenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi.


07.02.2017 | BMG-niň Baş Assambleaýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi

Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter