Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

21.04.2017 | Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkara hyzmatdaşlyk, ykdysady, ekologiýa we medeniýet meselelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.


21.04.2017 | Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady.


21.04.2017 | Türkmenistan Ulag we logistika boýunça Halkara maslahatyna taýýarlanýar

Türkmenistan 4-5-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görýär.


21.04.2017 | Türkmenistan Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy

BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Baş edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) geçirilen mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy.


21.04.2017 | Hormatly Prezidentimiz şäherleriň we obalaryň töwereginde tokaý-seýilgäh zolagynyň döredilmegini işjeňleşdirmegi tabşyrdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň töwereginde tokaý-seýilgäh zolagyny döretmek boýunça işleri gowulandyrmagy tabşyrdy.


20.04.2017 | Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynyň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.


20.04.2017 | Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hindi kärdeşi Pranab Mukerji gutlady

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Pranab Mukerjiniň iberengutlag hatynda “Biziň döwletlerimiziň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň hökümetine we halkyna gutlaglarymy ýollamak mende örän ýakymly duýgulary döredýär.


19.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň milli muzeýiniň ekspozisiýasy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Astanada Gazagystanyň milli muzeýiniň ekspozisiýasy bilen tanyşdy. Gazagystanyň milli muzeýiniň toplumy 14 müň inedördül metrden gowrak umumy sergi meýdançasy bolan zallaryň 11-sini özünde jemleýär.


19.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýup, Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralady.


19.04.2017 | Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň deputatlarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy

Mejlisde däbe öwrülen parlamentara gatnaşyklaryň çäginde Ýewropa parlamentiniň wise-başlygy jenap Rişard Çarneskiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň deputatlary bilen duşuşyk boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter