Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

05.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy (ikiçäk)

Men size, siziň ajaýyp ýurduňyza döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyňyz üçin hem-de mähirli kabul edilendigimiz üçin minnetdarlygymy beýan edýärin hem-de siziň geçen ýylyň güýzünde biziň ýurdumyza bolan resmi saparyňyzy mähirli duýgular bilen ýatlaýaryn.


05.08.2015 | Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Bişkekde geçirilen gepleşikleriň jemleri barada gürrüň berdiler

Bişkek şäherindäki “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasynyň Metbugat maslahaty zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlansoň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler. Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün geçirilen gepleşikleriň jemlerine garaldy.


05.08.2015 | Bişkek şäherinde Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Giiňşleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanan soň, “Ala-Arça” Döwlet kabulhanasynda hormatly Prezidentimiziň Gyrgyzystana bolan döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Metbugat maslahatlary zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


05.08.2015 | Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň arasyndaky gepleşikler Bişkekde giňeldilen düzümde dowam etdirildi

Bişkekde geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler ik ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümden dowam etdirildi. Gepleşikler “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasynyň uly zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün Gyrgyzystanda başlanan döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.


05.08.2015 | Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriiň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi

Bişkekde “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda ikiçäk gepleşikler başlandy.


05.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna geldi

Aşgabat-Bişkek, 5-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.


04.08.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durky täzelenen “Köpetdag” stadionynyň açylyşyna gatnaşdy

Aşgabat, 4-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durky täzelenen “Köpetdag” stadionynda ýurdumyzyň Kubogy ugrunda geçirilen futbol duşuşygyna gatnaşdy.


04.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Uçarmansyz uçýan enjamlar merkeziniň işine ak pata berdi

Aşgabat, 4-nji awgust /TDH/. Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine degişli täze bina edilen Uçarmansyz uçýan enjamlar merkezine geldi. Merkeziň ýanyndaky meýdançada ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.


04.08.2015 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji awgust /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýedi aýynda geçiren işleriniň jemlerine garaldy.


04.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler parlament wise-ministrini kabul etdi

Aşgabat, 4-nji awgust TDH. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň daşary işler parlament wise-ministri Kentaro Sonourany hem-de Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Jun Nanazawany kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter