Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

18.02.2017 | Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri Bitaraplyk tejribesini düýpli öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň zerurdygy babatda pikirlerini aýtdylar

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol şanly seneleriň ikisine—şu gün bellenilip geçilýän Diplomatik işgärleriniň gününe hem-de Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy.


17.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşy

Eziz watandaşlar! Hormatly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Şu gün ajaýyp Ruhyýet köşgüniň mejlisler zalynda men hormatly ýaşulularymyza, abadan we bagtyýar geljegi gurmak wezipesi öňünde duran merdana ýaşlarymyza, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, Milli parlamentiň deputatlaryna, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we diplomatik korpusyň wekillerine berk jan saglyk, uly üstünlikler, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarym bilen ýüzlenýärin!


17.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 17-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.


17.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife ýurduň Sehwan şäherindäki Lal Şahbaz Kalandar ybadathanasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


17.02.2017 | Türkmen we daşary ýurt diplomatlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli guralan dabara tamamlanandan soň, Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.


17.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň hukuk goraýjy düzümleriň öňünde hünär derejesini we maddy-enjamlaryn binýady ýokarlandyrmak wezipesini goýdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz “Oguzhan” köşk toplumynda wezipä girişilmegi mynasybetli guralan dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, bu düzümleri ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi.


17.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy mynasybetli dabaraly harby ýörüş kabul etdi

Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat eskortynyň ugratmagynda „Oguzhan“ Prezident Köşkler toplumyna tarap ugrady, olary ýolda atly esgerler topary çalyşýar. Atly esgerleriň ellerinde-Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ştandarty bar.


17.02.2017 | Türkmen döwletiniň baştutany Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzer

Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy boldy. Döwlet baştutany wezipesine girişip, ýygnanlaryň öňünde eden çykyşynda geljekki ýedi ýyla ýurduň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny belledi.


17.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda syýasy ulgamy kämilleşdirmegiň möhümligini belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda sözlän sözünde döwlet durmuşynda Ýaşulylar maslahatynyň ähmiýetiniň berkidilmegine ünsi çekdi. Mysal üçin, şu ýyl Ahal welaýatynda geçiriljek Ýaşulylar maslahatynda onuň ähmiýetini güýçlendirmek üçin Maslahatyň Düzgünnamasyna kanunçylyk düzedişlerini girizmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar, ol soňra Mejlisiň garamagyna hödürleniler.


17.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow älem giňişligini öwrenmek boýunça merkez döretmek barada pikir aýtdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda sözlän sözünde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny we esasy wezipelerini belledi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter