Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

04.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Uçarmansyz uçýan enjamlar merkeziniň işine ak pata berdi

Aşgabat, 4-nji awgust /TDH/. Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine degişli täze bina edilen Uçarmansyz uçýan enjamlar merkezine geldi. Merkeziň ýanyndaky meýdançada ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.


04.08.2015 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji awgust /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýedi aýynda geçiren işleriniň jemlerine garaldy.


04.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler parlament wise-ministrini kabul etdi

Aşgabat, 4-nji awgust TDH. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň daşary işler parlament wise-ministri Kentaro Sonourany hem-de Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Jun Nanazawany kabul etdi.


04.08.2015 | Uzakmöhletleýin bähbitlere kybap gelýän hyzmatdaşlyk

5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasyna döwlet sapary başlanýar.


03.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabada gaýdyp geldi

Aşgabat, 3-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlyk dynç alyşdan soň Aşgabada gaýdyp geldi.


31.07.2015 | Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi

Awaza, 31-nji iýul /TDH/. Balkan welaýatynda gysga wagtlyk dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.


30.07.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazadaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Awaza, 30-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden uçarda Türkmenbaşy şäherine ugrap, gysga wagtlyk dynç alyş döwründe "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna geldi. Milli Liderimiz bu ýerde Hazaryň türkmen kenarynda kemala gelýän deňiz şypahanasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.


30.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


21.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 21-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” fransuz kompaniýasynyň baş direktory jenap Martin Buigi kabul etdi.


21.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisler merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 21-nji iýul /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan Mejlisler merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýllygynyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň giňden bellenilýän güni bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti guraldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter