Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

27.04.2017 | Daşary ýurtly atşynaslaryň birnäçesi “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada mynasyp boldy

Aşgabatda geçirilýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki işe uly şahsy goşandy üçin assosiasiýanyň daşary ýurtly agzalarynyň birnäçesine “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakdy.


27.04.2017 | Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi açyldy

Paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


27.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly IX halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Sizi ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasynyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly IX halkara ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


26.04.2017 | Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdorž Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň senesi mynasybetli gutlaglaryny iberdi

Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň halkara we sebitara derejelerinde mundan beýläk-de berkidiljekdigine we giňeldiljekdigine ynanýaryn diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberilen gutlagda aýdylýar.


26.04.2017 | Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sinze Abe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.


25.04.2017 | Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

“Şu mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan edýärin, biziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasynda özboluşly we berk gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetendigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Biz dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmak üçin ähli tagallalary ederis.


25.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeler ministrini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň energetika, senagat we mineral serişdeler ministri Halid Bin Abdulaziz Al-Falihi kabul etdi.


24.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we syýahatçylyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


24.04.2017 | Uhanda Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forum geçirildi

Uhanda Hytaý Halk Respublikasynyň Kubeý welaýatynyň dolandyryş merkezinde iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan çäreleriň jemleýji gününiň maksatnamasyna laýyklykda “Türkmenistan-Hytaý: Täze Ýüpek ýolunda hyzmatdaşlyk” atly forum geçirildi.


24.04.2017 | Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter