Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

22.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

Aşgabat—Mary, 22 –nji iýun (TDH). Şu Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady.


19.06.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 19-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


18.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 18-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň häkimleri, käbir düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, milli senenamamyzyň şanly senelerini mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çärelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.


17.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaplary neşire taýýarlanýar

Ýurdumyzyň durmuşynda boljak şanly seneleriň öň ýanynda bize ilkinji gezek çapdan çykjak aýratyn neşirler hem garaşýar. Bular, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamyndan çykan täze kitaplardyr.


17.06.2015 | Türkmenistan halkara migrasiýa meseleleriniň çözülmegine goşandyny artdyrýar

Aşgabat, 17-nji iýun (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda “Migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda halkara hyzmatdaşlyk” atly sebit maslahaty öz işine başlady.


16.06.2015 | Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşyk

Aşgabat, 16-njy iýun (TDH) . Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Haled ben Muhammed Al Atiýýa bilen duşuşyk geçirildi.


13.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň duşuşygy

Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda gepleşikler geçirildi.


12.06.2015 | Müňýyllygyň Maksatlaryna ýetmekde strategiki hyzmatdaşlyk

Şu gün – 13-nji iýunda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Pan Gi Munuň arasynda duşuşyk bolar.


12.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti “Baku-2015” I Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Baku,12-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Baku-2015” I Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.


11.06.2015 | Sýurihde Türkmen-şweýsar işewürlik maslahaty geçirildi

Şu hepdede Sýurihde söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewür aragatnaşyklary hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilen iki günlük Türkmen-şweýsar işewürlik maslahaty geçirildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter