Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

01.05.2017 | Polat Bülbül ogly “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli hoşallyk hatyny iberdi

Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül ogly “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimize hoşallyk hatyny iberdi.


01.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewe ýurduň Oş oblastynda bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren süýşgün zerarly gynanç hatyny iberdi.


30.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän esasy dabaralaryň merkezine öwrüldi.


30.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşan Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeşi kabul etdi.


30.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda çärelere gatnaşan Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.


30.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň daşary işler ministri Fumio Kisidany kabul etdi. Ol köp sanly myhmanlaryň hatarynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.


30.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bülbül ogluna «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda


30.04.2017 | Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryny, bedew janköýerlerini we mähriban halkyny gutlady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna


29.04.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen dabaralara gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de behişdi bedewleriň gözelligini çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.


29.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter