Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

26.02.2019 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hazar sebitinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmek we Hazarýaka döwletleriniň degişli edaralarynyň işgärlerini okatmak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


25.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


25.02.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


25.02.2019 | Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňziniň biologiýa serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça 4-nji mejlisi öz işine başlady.


25.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


22.02.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.


22.02.2019 | Resmi habarlar

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini dowam etmek, baha (tarif) emele getirmegi mundan beýläk-de kämilleşdirmek we sarp edijileri durmuş taýdan goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, önümçilik-tehniki maksatly we durmuş taýdan ähmiýetli harytlaryň, önümleriň, işleriň hem-de hyzmatlaryň möhüm görnüşleriniň bahalary (tarifleri) döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmäge degişli diýlip bellenildi


21.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň arasyndaky gepleşikler

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi.


21.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana resmi sapary boldy.


20.02.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruklara gol çekdi, resminamalara laýyklykda, degişli ugurlarda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, aşakda görkezilen ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri iş saparlaryna iberilýär:


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter