Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

05.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda


05.11.2019 | Resmi habarlar

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:


05.11.2019 | Mary welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, mehanizatorlaryna, ýygymçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Siziň ähliňizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli ýerine ýetirendigiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.


05.11.2019 | «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bu halkara kitap baýramçylygynyň işine gatnaşmak üçin eziz Diýarymyza gelen myhmanlara, halkara sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata ähli gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýärin.


04.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, şanly senelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


04.11.2019 | Ahal welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda sahawatly türkmen topragyndan welaýat boýunça «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý edendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.


01.11.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


01.11.2019 | Resmi habarlar

«Kärende hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň Tertibi tassyklanyldy.


01.11.2019 | Hökümetara türkmen-täjik toparynyň mejlisi

Şu gün Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa iki dostlukly döwletiň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.


01.11.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter