Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

04.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.G.Nazarow hakynda

Serdar Goçakowiç Nazarowy Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory wezipesine bellemeli.


03.07.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Işanguly Bakyýew Türkmen döwlet maliýe institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.


03.07.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine garaldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.


03.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Dmitriý Medwedewe Irkutsk oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly gynanç hatyny iberdi.


03.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ýokary okuw mekdepleriniň käbiriniň rektorlaryny bellemek barada Permanlara gol çekdi

Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýewi Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesine bellemeli.


02.07.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze gurluşyklaryndaky işleriň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.


02.07.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýbölek Halykberdiýewna Täçmuhammedowa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.


01.07.2019 | Ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry Owganystana ýetirildi

Şu gün Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawoddan iberilen ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry Owganystanyň çägindäki Akina demir ýol bekedine baryp ýetdi.


01.07.2019 | Sergeý Lebedew: Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän ýylynda Arkalaşygyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ösüşine kuwwatly itergi berildi

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.


01.07.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Sindzo Abe hat iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylmagy mynasybetli iberen gutlagyna jogap hatyny iberdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter