Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

29.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk boýunça hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň käbir agzalary bilen nobatdaky mejlisi geçirdi. Onda bazar gatnaşyklarynyň kemala gelýän şertlerinde döwletimiziň ykdysady we durmuş syýasaty bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, pudaklary ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň barşyna seredildi, ministrlikleriň we edaralaryň düzümlerini üýtgetmek hakynda möhüm çözgütler kabul edildi.


29.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:


29.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmek hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudagyny düýpli özgertmek hem-de bu pudagy toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:


29.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda

Ýurdumyzda gurluşyk pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:


29.01.2019 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn ösdürmek, pudagyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


28.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi.


28.01.2019 | Türkmenistan — GDA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekiliýetiniň paýtagtymyza bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi.


28.01.2019 | Resmi habarlar

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň garamagyndaky ylmy-barlag, bilim institutlarynyň direktorlaryny wezipä bellemegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokarda agzalan ylmy-barlag, bilim institutlarynyň direktorlaryny wezipä bellemegiň tertibi kesgitlenildi.


27.01.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplaryna

Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde bellenýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


25.01.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, howpsuzlygyň hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi, bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şeýle hem bu düzümleriň 2019-njy ýylda öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeler hem-de esasy çäreler kesgitlenildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter