Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

06.06.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm resminamalaryň birnäçesine garaldy.


06.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.K.Ataýew hakynda

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çary Kakamyradowiç Ataýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.


06.06.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Hajymyradow Hajymyrat Iskanderowiçe berk käýinç yglan edildi.


06.06.2019 | Sergeý Lebedew GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirdi

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň guramaçylygynyň we geçirilişiniň ýokary derejesi üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.


05.06.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


05.06.2019 | Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat

Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Daşary işler ministrligi bilelikde gurady.


04.06.2019 | Türkmen Liderini daşary ýurtly kärdeşleri Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň, hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Oraza baýramy mynasybetli Size iň oňat gutlaglarymy iberýärin.


03.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.


03.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Welosipedçileriň halkara birleşiginiň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) ýolbaşçysy Dawid Lappartýeni kabul etdi.


03.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Oraza baýramy mynasybetli gutlaglar gelip gowuşýar

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek mende ägirt uly buýsanç duýgusyny döredýär.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter