Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

08.05.2020 | Saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk» mowzugy boýunça wideomaslahat geçirildi.


08.05.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenildi.


07.05.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onda Hazar deňzi — Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek hakynda dört taraplaýyn hökümetara ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.


07.05.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin hem-de Dokma senagaty ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberlerini degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.


06.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


06.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


06.05.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Tomas Greminger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda kanunçylyk ulgamyndaky özara gatnaşyklar hem-de halkara parlament guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy ara alyp maslahatlaşyldy.


05.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda


05.05.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlise gatnaşmaga Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň häkimleri, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.


05.05.2020 | Türkmenistanda öndürilen azyk önümleri, harytlar we serişdeler dostlugyň nyşany hökmünde Russiýa ugradyldy

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasyna dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk nyşany hökmünde ýurdumyzda öndürilen önümleri bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter