Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

14.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda eden çykyşy

Ilki bilen sizi Täze ýyl bilen mähirli hem-de tüýs ýürekden gutlamaga, size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikler gazanmagyňyzy arzuw etmäge rugsat ediň!


13.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.


13.01.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


13.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhalesi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.


11.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Omanyň Soltany Haýsam bin Tarek Al Saida Onuň Alyjenaby Omanyň Soltany Kabus Bin Saidiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.


10.01.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


10.01.2020 | Resmi habarlar

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2020-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklanyldy.


09.01.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Täçmyrat Siliýew Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.


09.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Tähran şäheriniň Ymam Homeýni adyndaky halkara howa menziliniň golaýynda «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň netijesinde Eýranyň köp sanly raýatynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.


08.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar

Täze, 2020-nji ýylyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollamak bilen, ähli halklar we adamzat üçin gülläp ösüş hem-de öňe gidişlik ýyly bolmagyny arzuw edýärin.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter