Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

12.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi.


12.02.2020 | Milli Liderimiziň baş şygary: «Döwlet adam üçindir!»

Şu gün, 12-nji fewralda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagyna üç ýyl dolýar.


11.02.2020 | Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.


11.02.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy

Biziň, haýsydyr bir jogapkärli işe başlanymyzda halkymyz bilen geňeşip, onuň pikirine esaslanmak ýaly ajaýyp milli däbimiz bar. Şu parasatly däbe eýerip, biz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wezipelerini ara alyp masla-hatlaşmak üçin şu gün siziň bilen duşuşýarys.


10.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonsony kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.


10.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.K.Ataýew hakynda

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çary Kakamyradowiç Ataýewi Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň baştutany wezipesine bellemeli.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň we aýry-aýry ministrleriň hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň barşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Men häzir geçen ýylda edilen işleriň gysgaça jemlerini jemlemek, şeýle hem şu ýyl çözmeli ileri tutulýan wezipelerimizi kesgitlemek isleýärin.


07.02.2020 | Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy tamamlandy.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany G.M.Müşşikow hakynda

Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter