Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

15.02.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.


15.02.2019 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegi, maýa goýumlarynyň çekilmegi hem-de netijeli durmuş maksatly bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmegi üçin giň şertleri döretmek, şeýle hem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwlet bilen hususy ulgamyň hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


14.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr

Şu gün paýtagtymyzda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga gatnaşmak üçin Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýokarda agzalan guramalaryň we degişli düzümleriň ýolbaşçylary çagyryldy.


14.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşy

Men şu gün siziň bilen ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy, şeýle hem halkara derejede öňe süren başlangyçlarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmegiň täze ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni bagly wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagy makul bildim.


12.02.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.


12.02.2019 | Watanymyzyň täze taryhynda ykbal çözüji sene

Şu gün — 12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilenine laýyk iki ýyl boldy, şonda watandaşlarymyzyň millionlarçasy özleriniň konstitusion hukugyndan peýdalanyp hem-de raýatlyk borçlaryny berjaý etmek bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ses berip, geljekki 7 ýylda döwlet Baştutany wezipesini ynandylar.


11.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary we Aşgabat şäherini 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere garaldy.


08.02.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.


07.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti: Kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik kadalaryna daýanmalydyr

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy geçirildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.


07.02.2019 | Türkmenistan Demirgazyk Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 2019-njy ýylyň 7 — 9-njy fewraly aralygynda Tunis Respublikasynyň Tunis şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter