Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

06.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.


06.02.2019 | Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019--2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasyna gol çekildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň baştutanlygyndaky Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine döwletara türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meseleleri, esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bilen bagly meseleler girizildi.


06.02.2019 | Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy: Strategik hyzmatdaşlyk hakynda şertnama biziň meýilnamalarymyzyň ählisiniň binýadydyr

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler minstri Sergeý Lawrowy kabul etdi.


05.02.2019 | Birinji Hazar ykdysady forumy - žurnalistleriň üns merkezinde

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Daşary işler ministrliginiň guramagynda halkara mediaforum geçirildi. Ol şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda boljak birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlandy.


04.02.2019 | Resmi habarlar

«Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagy düzgünleşdirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasy tassyklanyldy.


01.02.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda geçen ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berildi. Şu ýyl halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.


01.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Häzir men geçen 2018-nji ýylda gazanan netijelerimizi gysgaça jemlemek bilen, şu ýyl öňümizde duran, ileri tutulýan wezipeler barada durup geçmek isleýärin.


01.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany T.Ç.Dürhanow hakynda

Tahyrberdi Çaryberdiýewiç Dürhanowy Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministri wezipesine bellemeli.


01.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany R.Ş.Rejepow hakynda

Resul Şyhdurdyýewiç Rejepowy Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine bellemeli.


01.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.Baýramdurdyýew hakynda

Magtymguly Baýramdurdyýewi Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellemeli.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter