Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

14.11.2018 | Türkmenistanda Braziliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Marsiýa Donner Abreudan ynanç hatyny kabul etdi.


14.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaony kabul etdi.


14.11.2018 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny we ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň özara ätiýaçlandyrylmagyny üpjün etmek, Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


13.11.2018 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň oba hojalyk tehnikalary we gurallary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hem-de agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 88-nji Kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna, onuň esasynda satyn alynmagy bellenen oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň uly tapgyryny satyn almak we töleglerini tölemek barada goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi.


13.11.2018 | Türkmenistanda Tunisiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Ali Şihiden ynanç hatyny kabul etdi.


13.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.


13.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.


13.11.2018 | «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar! Hormatly adamlar!


12.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we durmuş-medeni ulgamyny has-da ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.


12.11.2018 | Türkmenistanda Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luwsan Battulgadan ynanç hatyny kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter