Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

19.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


19.11.2019 | «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwala gatnaşyjylara

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragynda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, ylhamyňyzyň elmydama gaýnap joşmagyny arzuw edýärin.


18.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, welaýatlaryň durmuş düzümlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.


18.11.2019 | Türkmenistan — BMG: sebit ykdysady maksatnamasy durmuşa geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde «SPEKA günlerine» badalga berildi. Şu günki duşuşygyň esasy wakasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda söwda syýasaty boýunça «tegelek stoluň» başynda ýokary derejedäki duşuşygy geçirmekden hem-de durnukly ulag we söwda boýunça iş toparlarynyň mejlisini guramakdan ybaratdyr.


15.11.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


15.11.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Sylapow Muhammetseýit Babaýewiçe käýinç yglan edildi.


14.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasry kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


14.11.2019 | «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň açylmagy hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň we ylmy maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we giňeltmekde, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.


13.11.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2019-njy ýylyň 15 — 16-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


12.11.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew yslam medeniýetine we sungatyna bagyşlanyp geçiriljek foto serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin 14 — 16-njy noýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter