Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

08.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri bug-gaz elektrostansiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


08.09.2018 | Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Energetika senagatynyň zähmetsöýer işgärlerine

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda giňden bellenýän Energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


07.09.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi.


07.09.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary Şamuhammet Seýitliýewiç Nepesowyň üstüne ýüklenildi.


07.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Allagulyýew P.H. hakynda

Allagulyýew Polat Hemraýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.


06.09.2018 | «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


05.09.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.


05.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokuroryny wezipesinden boşatdy we wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen:


05.09.2018 | Döwlet Baştutany prokuratura ulgamynda wezipä belledi we wezipeden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen:


05.09.2018 | Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyz, mähriban halkymyz berkarar döwletimiziň taryhynda uly we möhüm waka öwrüljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygynyň toýuna uly üstünlikler, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan baş baýramymyzyň şanyna Garaşsyz, Bitarap döwletimizde gazanylýan üstünliklere egsilmez buýsanç duýgularyny has-da pugtalandyrýan aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter