Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

23.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.R.Artykow hakynda

Myrat Rejepowiç Artykowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatmaly.


23.01.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowyň üstüne ýüklenildi.


22.01.2020 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.


22.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ý.Ý.Berdiýewi harby atda peseltmek hakynda

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýewiň general-polkownik harby adyny general-maýor harby adyna çenli peseltmeli.


22.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Polisiýanyň general-maýory Ç.K.Amanowa polisiýanyň general-leýtenanty ýörite adyny dakmak hakynda

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň general-maýory Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowa polisiýanyň general-leýtenanty ýörite adyny dakmaly.


22.01.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi.


21.01.2020 | Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreas Zinonosdan ynanç hatyny kabul etdi.


20.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary

Toýly Amanmuhammedowiç Ataýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Polşa Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.


20.01.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rahym Nurgeldiýewiç Gandymow Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.


20.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oraly kabul etdi. Ilçi milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter